Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / «SIZ FRANSIÝA BARADA NÄME BILÝÄRSIŇIZ?» ATLY DIL HEPDELIGI TÄZE ZEHINLERI ÝÜZE ÇYKARDY
    «SIZ FRANSIÝA BARADA NÄME BILÝÄRSIŇIZ?» ATLY DIL HEPDELIGI TÄZE ZEHINLERI ÝÜZE ÇYKARDY
    «SIZ FRANSIÝA BARADA NÄME BILÝÄRSIŇIZ?» ATLY DIL HEPDELIGI TÄZE ZEHINLERI ÝÜZE ÇYKARDY
    «SIZ FRANSIÝA BARADA NÄME BILÝÄRSIŇIZ?» ATLY DIL HEPDELIGI TÄZE ZEHINLERI ÝÜZE ÇYKARDY
    «SIZ FRANSIÝA BARADA NÄME BILÝÄRSIŇIZ?» ATLY DIL HEPDELIGI TÄZE ZEHINLERI ÝÜZE ÇYKARDY
    19/03/2026

    273

    «SIZ FRANSIÝA BARADA NÄME BILÝÄRSIŇIZ?» ATLY DIL HEPDELIGI TÄZE ZEHINLERI ÝÜZE ÇYKARDY

    Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy hem-de Fransuz diliniň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasy 2026-njy ýylyň 13 – 19-njy marty aralygynda «Siz Fransiýa barada näme bilýärsiňiz?» («Que connaissez-vous de la France?») atly dil hepdeligini geçirdi. Hepdelige institutyň fransuz dilini öwrenýän 3-nji we 4-nji ýyl talyplary işjeň gatnaşdylar.
    2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygaryny wagyz etmek hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak hepdeligiň esasy ugry boldy. Çäräniň esasy wezipeleri talyplaryň fransuz dili boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmakdan, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan we olary ylmy-barlag işlerine höweslendirmekden ybarat boldy.
    16-njy martda geçirilen saýlama tapgyrda talyplar diwar gazetlerini taýýarlamak boýunça bäsleşdiler. Bu ugra ähli fakultetleriň talyp toparlary özleriniň döredijilikli işleri bilen gatnaşdylar. Emin agzalarynyň baha bermegine görä, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary birinji orny eýelemegi başardylar.
    Bäsleşigiň dowamynda talyplar diňe bir döredijilik ukyplaryny däl, eýsem dil baýlyklaryny hem görkezdiler. Hususan-da, olar fransuz dilindäki anagrammalardan täze sözleri tapmak we berlen çylşyrymly tekstleriň grammatik hem-de stilistik ýalňyşlaryny düzetmek boýunça ýörite ýumuşlary ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
    Çeper okaýyş bäsleşiginde talyplar Magtymguly Pyragynyň fransuz diline terjime edilen goşgularyny, Wiktor Gýugo, Pol Elýuar we Žan de Lafonten ýaly meşhur fransuz edebiýatynyň wekilleriniň eserlerini uly ussatlyk bilen okadylar. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň fransuz diline terjime edilen «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» («L’Akhal-Téké – gloire et fierté du Turkménistan») atly kitabyndan parçalaryň okalmagy bäsleşigiň ähmiýetini has-da artdyrdy.
    19-njy martda geçirilen jemleýji tapgyr Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Mähri Guzyçyýewanyň ýerine ýetirmeginde «La Seine» aýdymy bilen dabaralandy. Şeýle-de talyplar «Türkmen-fransuz gatnaşyklary», «Halkara Frankofoniýa guramasy» we «Görnükli fransuz şahsyýetleri» temalary boýunça prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.
    Zehin bäsleşigine hödürlenen soraglar Fransiýanyň taryhy, medeniýeti, fransuz dili we edebiýaty hem-de häzirki zaman türkmen-fransuz hyzmatdaşlygy ýaly mowzuklary öz içine aldy.
    Zehin bäsleşiginiň netijesinde eminler topary ýeňijileri kesgitledi:
    I orun: Sona Gurbanowa, Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby;
    II orun: Nurbibi Guljanowa, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby;
    III orun: Orazmyrat Sähetmyradow, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
    Kafedranyň «Lingvo World» ylmy gurnagy tarapyndan guralan bu hepdelik institutyň talyp ýaşlarynyň fransuz dilini çuňňur öwrenmäge we halkara medeni dialogy ösdürmäge bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

    Ogulbeg GAZAKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy.

    Soňky täzelikler

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    06/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi surady

    03/06/2026

    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler surady

    30/05/2026

    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI