12/10/2026
98
SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN WEBINAR
2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda “Lukmançylyk maglumat ulgamlarynda kiberhowpsuzlygyň meseleleri we çözgütleri” atly tema boýunça ýokary okuw mekdepleriniň pedogogik işgärleriniň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda onlaýn webinar geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary işjeň gatnaşdylar.
Sanly ulgam arkaly geçirilen webinaryň dowamynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy Daňatarowa Mähri çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy hem-de hünär öwrenmegi, ýaş hünärmenleriň döredijilikli iş alyp barmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmeginiň milli bilim ulgamynyň döwrebap ösmegine oňyn täsir edýändigi barada belledi. Çünki sanly bilim ulgamy elektron maglumatlar gorundan peýdalanmagy elýeterli edýär hem-de ulanyjynyň okuw okamakdaky gözleglerine sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlaýar.
Çykyşynyň dowamynda mugallym ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň milli kanunçylygyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly dolandyrylmagynyň aýratynlyklary, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýilleri, bu ugurda Türkmenistanyň orny, sanly tehnologiýalaryň gündelik durmuşymyza güýçli depginlerde ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň bazar gatnaşyklary esasynda döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada anyk mysallaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi.
Maksat BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby