570
Sanly ulgam arkaly geçirilen okuw-usuly maslahat
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Scopus indeksi we onuň platformasy” we “Web of Science(WoS) indeksi we onuň platformasy” atly temalar boýunça sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahat geçirildi. Maslahat abraýly halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmelerinde (platformalarynda) indekslenýän žurnallarda makalalary çap etmek işini utgaşdyrmak boýunça Iş toparynyň gurnamagynda geçirilip, oňa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Abraýly halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmelerinde (platformalarynda) indekslenýän žurnallarda makalalary çap etmek işini utgaşdyrmak boýunça 2025-nji ýyl üçin taýýarlanan Ýol kartasyna laýyklykda okuw-usuly maslahatda ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy we döredijilik işleriniň halkara derejeli ylmy žurnallarda çap edilmegi we bu ylmy-döredijilik makalalaryň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde ähmiýeti dogrusynda çykyşlar edildi.
Ylmy-barlagyň wezipelerine laýyklykda, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde we bu babatda gazanylan ylmy üstünlikleri durmuşa ornaşdyrmakda “Scopus indeksi we onuň platformasy” we “Web of Science(WoS) indeksi we onuň platformasy” atly temalara bagyşlanan okuw-usuly maslahat örän uly ähmiýete eýe boldy.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI