05/11/2026
26
SANLY DIPLOMATIÝA WE ÝAŞLARYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGY
XXI asyrda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara gatnaşyklaryna ornaşmagy netijesinde sanly diplomatiýa döwletleriň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň esasy gurallarynyň birine öwrüldi. Alymlaryň barlaglaryna görä, şu günki günde Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 98% göterimden gowragy öz daşary syýasat edaralarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň resmi sanly platformalaryny, wirtual ilçihanalaryny hem-de onlaýn aragatnaşyk ulgamlaryny işjeň dolandyrýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda dünýäde 15–24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň sany 1,2 milliarda ýetip, ýer ýüzüniň ilatynyň 16% göterimini düzýär, Halkara Aragatnaşyk Bileleşiginiň hasabatlaryna görä bolsa, dünýä ýaşlarynyň 79% göterimi internet ulgamyndan yzygiderli peýdalanýar. Şeýle işjeňlik ýaşlary sanly diplomatiýanyň esasy hereketlendiriji güýjüne öwürdi. Bu ugurda halkara hukuk binýady hem yzygiderli berkidilýär: 2015-nji ýylyň 9-njy dekabrynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly №2250 belgili Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, 2018-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň «Ýaşlar – 2030» strategiýasynyň ýola goýulmagy hem-de 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň A/RES/76/306 belgili Rezolýusiýasy bilen BMG-niň Ýaşlar işleri boýunça edarasynyň döredilmegi ýaşlaryň sanly diplomatiýadaky ornuny resmi taýdan berkitdi. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 22–23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň «Geljek üçin Sammitinde» kabul edilen «Global sanly şertnama» we «Geljekki nesiller hakynda Jarnama» ýaşlaryň global sanly dolandyryşa, emeli aň tehnologiýalarynyň kadalaşdyrylmagyna we halkara dialogyna gatnaşygyny täze derejä çykardy.
Türkmenistanda sanly diplomatiýany we ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek anyk kanunçylyk namalaryna we döwlet maksatnamalaryna daýanýar. Ýurdumyzda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýaşlaryň sanly giňişligine goşulmagy üçin tehniki we kanunçylyk binýadyny döretdi. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda rejelenen görnüşde kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de 2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» türkmen ýaşlarynyň halkara guramalary bilen sanly we göni hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny kesgitledi. Şol Strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi.
Sebit we halkara derejesinde sanly diplomatiýanyň gurallary türkmen ýaşlary üçin taýýarlanylýan amaly taslamalarda öz beýanyny tapýar. 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan 2019-njy ýylda ýola goýlan «Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy» taslamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan 18–29 ýaş aralygyndaky ýaşlar onlaýn okuwlara, sanly simulýasiýalara we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogyna işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde geçirilýän «Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri» maksatnamasynyň çäklerinde türkmen ýaşlary BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Ýaşlar forumyna, howanyň üýtgemegi boýunça Halkara ýaşlar maslahatlaryna gatnaşyp, ekologiýa, «ýaşyl» energetika we sanly transformasiýa boýunça tekliplerini hödürleýärler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän «Ýaş diplomatlaryň mekdebi», şol sanda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigi hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýän «BMG-niň modeli» maslahatlary ýaş hünärmenleriň sanly diplomatiýadaky endiklerini has-da kämilleşdirýär.
Sanly bilim ugrunda hem anyk netijeler gazanylýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda we beýleki ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de ÝUNESKO klublarynyň döredilmegi, türkmen mekdepleriniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna goşulmagy ýaşlara halkara bilim torlarynda onlaýn hyzmatdaşlyk etmäge ýol açdy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kiberhowpsuzlyk, emeli aň we «Sanly çözgüt» innowasion bäsleşigi ýaly halkara taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Türkmen talyplary her ýyl geçirilýän Açyk halkara internet-olimpiadalarynda, Hakaton bäsleşiklerinde onlarça altyn, kümüş we bürünç medallary gazanyp, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Şeýlelikde, anyk kanunçylyk binýadyna, döwrebap maglumat tehnologiýalaryna daýanýan sanly diplomatiýa türkmen we dünýä ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze, netijeli derejä çykarýar.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy