19/06/2026
113
ŞAHADATNAMALARY GOWŞURYLYŞ DABARA GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezleriniň (Suw diplomatiýasy, Ulag diplomatiýasy, Energetika diplomatiýasy, Öňüni alyş diplomatiýasy, Ykdysady diplomatiýasy) hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň 2025-2026-njy okuw ýylynda tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda fakultatiw okuw sapaklaryny üstünlikli tamamlan diňleýji talyplara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu merkezleriň çäklerinde «Merkezi Aziýada suw diplomatiýasynyň orny», «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasy (SPEKA) maslahatynyň ähmiýeti», «Energetika diplomatiýasynyň syýasy we ykdysady jähetleri», «Merkezi Aziýa sebitinde öňüni alyş diplomatiýasynyň häzirki zaman mehanizmleri», «Häzirki zaman ykdysady diplomatiýanyň derwaýys meseleleri», «BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary we olaryň ähmiýeti» atly birnäçe temalardan umumy we söhbet sapaklary ýokary derejeli hünärmenler we halkara bilermenler tarapyndan geçirildi.
Ýeri gelende bellesek, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda fakultatiw okuw sapaklaryna işjeň gatnaşan diňleýji talyplaryň ýüz dört sanysyna (104) degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar özgertmelere beslenen döwrümizde ýaşlara bilim almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy
Soňky täzelikler
18/06/2026
ONLAÝN USULY-OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
11/06/2026
Halkara okuw maslahaty geçirildi