28/11/2025
266
Sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýetine bagyşlanan maslahat
2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Pasyllaýyn keselleriň öňüni almakda sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti» atly onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar.
Onlaýn ylmy-amaly maslahatda sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, durmuşda sagdyn ýaşamagyň esasy şertleriniň biri sagdyn iýmitlenmekdir. Ol saglygymyza gönüden-göni täsir edip, bedenimizi güýçlendirýär hem-de onuň dürli kesellere garşy göreşijiligini artdyrýar. Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir.
Çykyş edenler möwsümleýin keselleriň öňüni almakda sagdyn iýmitlenmegiň ornunyň uludygyny aýratyn bellediler. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti hem nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirip, halkymyzyň saglygyny goramaga aýratyn üns berýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Kaýum ZAHYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.