19/05/2026
114
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINE BAGYŞLANAN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda «Temmäkä garşy göreşmek» boýunça meýilleşdirilen çäreleriň çäginde talyplar bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligi Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Şöhrat Diwangulyýew alyp bardy. Çäräniň dowamynda temmäki önümlerinden daşlaşan adamlaryň durmuşynda ýüze çykýan oňyn üýtgeşmeler, aýratyn-da saglygy berkitmekdäki, sportdaky gazanylýan täze üstünlikler hem-de ykdysady taýdan gazanylýan tygşytlylyklar barada giňişleýin gürrüň berildi. Duşuşygyň dowamynda sagdyn durmuşyň diňe bir şahsy abadançylyga däl, eýsem jemgyýetiň umumy ösüşine hem goşýan goşandy barada gyzykly we täsirli pikir alyşmalar boldy.
Duşuşyga gatnaşan talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini gündelik durmuşa ornaşdyrmak barada degişli maslahatlary aldylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda gatnaşyjylar ýaş nesilleriň saglygyny goramakda, halkymyzyň sagdyn durmuş medeniýetini kemala getirmekde hem-de bu ugra degişli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde şeýle mazmunly çäreleriň uly ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy