20/05/2026
96
REFERAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň gurmagynda “Ahalteke bedewleriniň taryhy” atly referat bäsleşigi geçirildi. Oňa “Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň agzalary hem-de institutymyzyň 1-nji ýyl talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Medine Jeýhunowa Baş baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Hallymämmet Baýramow I orna, Halkara hukuk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýgözel Tuwakberdiýewa we Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýjemal Towçaýewa II orna, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gurbansoltan Allaberdiýewa hem-de Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Çynar Magtymgulyýewa III orna mynasyp boldular.
Şeýle bäsleşikleriň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlara türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň taryhy şöhratyny düýpli öwrenmäge ýardam edýär.
Güljahan AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy