06/05/2025
797
«PEDERLERIŇ GAHRYMANÇYLYGY – WATANSÖÝÜJILIGIŇ MEKDEBI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Pederleriň gahrymançylygy – watansöýüjiligiň mekdebi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary şeýle-de «Ýaş diplomatlar» mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bölüm başlygy Meretguly Tangiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Şöhrat Diwangulyýew, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Suraý Akmyradowa hem-de Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Laçyn Tekedurdyýewa çykyş etdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soň « Türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygy – Watana hyzmat etmegiň görelde mekdebi», « Watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk – mizemez gymmatlyklar », «Pederlerimiziň gahrymançylygy bilen ýetilen Beýik Ýeňiş», « Beýik Ýeňşiň şöhraty mertligiň, gaýduwsyzlygyň nyşanydyr » atly bölümçelerde dowam edip, olarda Beýik Ýeňşiň, watansöýüjilik ýörelgesiniň, Watan mukaddesliginiň, häzirki zamanda parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady ösüşleriň ähmiýeti we täsiri barada köp sanly çykyşlar diňlenildi.
Watanymyzyň azatlygyny, garaşsyzlygyny gorap saklan edermen, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty halkymyzyň taryhyna girip, ol milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi.
Berdimyrat PALTAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

15/05/2025
YLMY-AMALY MASLAHAT
30/04/2025
Ylmy-okuw maslahaty geçirildi