Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / PARLAMENT DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
    PARLAMENT DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
    PARLAMENT DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
    28/11/2024

    1211

    PARLAMENT DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejesinde abraýy barha artýar. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär.
    Türkmenistan döwletimize hyzmatdaş ýurt hökmünde sebitiň we dünýäniň ýurtlary uly gyzyklanma bildirýärler. Täze taryhy döwürde parlament diplomatiýasy hil taýdan täze derejä we işjeň häsiýete eýe boldy.
    Şunuň esasynda hem 2024-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde parlament diplomatiýasy: Dialog – abadan we asuda geljek üçin Hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahata dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan wekiller hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Maslahatda parlament diplomatiýasynyň orny, döwletara hyzmatdaşlygy saklamakda we berkitmekde dialogyň ähmiýeti hem-de abadan geljegi gurmakda ýaş nesilleriň raýdaşlygynyň ähmiýeti bilen bagly meselelere seredildi.
    Türkmenistan halkara Parlament guramalary, şol sanda Parlamentara Bileleşik, ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklarynyň Parlamentara Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde parlamentara hyzmatdaşlygyň täze gurallary işlenilip taýýarlanyldy.
    Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berýär.

    Dürli BALLYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme
    hukuk öwreniş kafedrasynyň w.ý.ý.,
    uly mugallym.

    Soňky täzelikler

    MEDIA TOPARYNA «SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY TÜRKMENISTANYŇ SPORT DIPLOMATIÝASY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    24/01/2026

    MEDIA TOPARYNA «SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY TÜRKMENISTANYŇ SPORT DIPLOMATIÝASY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    23/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    22/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI