Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Makalalar / PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK – HALKYMYZYŇ GADYMY ÝÖRELGELERI
    PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK – HALKYMYZYŇ GADYMY  ÝÖRELGELERI surady
    15/03/2025

    3424

    PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK – HALKYMYZYŇ GADYMY ÝÖRELGELERI

    Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri parahatçylygy özüniň baş ýörelgeleriniň biri hasaplaýarlar. Olar dörän uruşlary, dawa-jenjelleri parahatçylygyň we özara ynanyşmagyň esasynda çözüpdirler. Türkmen halkynyň alyp barýan bu syýasatynyň baş şaýady – taryh bolup durýar. Ähli halkyň özüne mahsus taryhy bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem özüne mahsus giň we şöhratly taryhy bar.
    Oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletiniň hökümdary Mete han goňşy Hytaý döwleti bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýupdyr. Mete hanyň döwründe iki döwletiň arasynda birek-biregiň tejribesini öwrenmek babatynda hem gatnaşyklar edilipdir. Hytaý hunlaryň döwlet edarasy üçin bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ýardam beripdir. Hytaý ykdysatçylarynyň kömegi bilen hunlar döwlet gurluşynda salgyt ulgamyny kämilleşdiripdirler. Bu ýagdaý iki döwletiň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň başlangyjyny düzüpdir. Bu bolsa ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda parahatçylygy we ynanyşmagy ýaýmakda döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan ajaýyp kitaplary halkymyzyň arasynda parahatçylygy ündemekde möhüm çeşmeler bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda halkymyzyň parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat sarpasyny, ata-babalarymyzyň parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini çuňňur paýhaslaryň üsti bilen giňden beýan edýär. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitaby içgin okadygyňça, kitapda öňe sürülýän belent pikirler parahatçylyga we ynanyşmaga söýgi döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy gözbaşlara, gadymy hem mizemez köklere daýanýandygyny, halkymyzyň goşa ganadyna öwrülen bu mukaddesliklerimiziň şanly, buýsançly geljegimiziň täze gözbaşydygyny, edebi ýolumyzdygy bu kitapda aýratyn nygtalýar.
    Gahryman Arkadagymyzyň bu kitapda aýdyşy ýaly, «Halkymyzyň parahatçylyk, oňuşyklyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýar».
    Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azady öz goşgy setirlerinde şeýle belleýär:
    «Maslahatsyz iş puşeýmanlyk bolar,
    Akly-küli bolmaz, kütehdanlyk bolar».
    Bu setirlerde Döwletmämmet Azady parahatçylygy, ynanyşmagy, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaklygy wagyz edýär. Bu goşgy setirleri türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri parahatçylygy we ynanyşmagy özleriniň baş ýörelgesi edinendiklerine şaýatlyk edýär.
    Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzda ata-babalarymyzdan ebedi ýadygärlik galan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň täzeden dabaralanmagynda, dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak ugrunda köpsanly işleriň alnyp barylýandygyna güwä geçýär.
    Türkmen halkynyň umumyadamzat ähmiýetli milli ýörelgelerine, gadymy gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Güljan SERDAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary
    fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY WE DURNUKLY GELJEK:  5-NJI IÝUN — DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI surady

    05/06/2026

    EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY WE DURNUKLY GELJEK: 5-NJI IÝUN — DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
    Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy surady

    02/06/2026

    Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy
    1-NJI IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI: BAGTYÝAR NESILLERIŇ WE ŞATLYGYŇ BAÝRAMY surady

    01/06/2026

    1-NJI IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI: BAGTYÝAR NESILLERIŇ WE ŞATLYGYŇ BAÝRAMY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI