Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ylmy-amaly maslahatlar / Parahatçylyk we ynanyşmak forumy
    Parahatçylyk we ynanyşmak forumy surady
    30/11/-0001

    1141

    Parahatçylyk we ynanyşmak forumy

    2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty: parahatçylygy döretmekde Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy” atly I tematiki umumy mejlisi geçirildi. Oňa halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Umumy mejlisi BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Ilçi Natalýa German alyp bardy.
    I tematiki umumy mejlisde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory Kaýrat Sarybaý, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Terrorçylyga garşy müdiriýetiň başlygy Wladimir Woronkow, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Tatýana Walowaýa, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa we Amerika boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam Guramasynyň Baş direktory Ýerlan Baýdawlet, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretarynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Ahmed Kawesa Sengendo, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky ýörite wekili, Ilçi Teri Hakala, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň başlygy, Ilçi Debora Laýons, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Aşita Mittal we beýlekiler çykyş etdiler.
    Forumda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde dünýäniň abraýly halkara we sebit guramalary bilen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit we dünýä ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine ýakyndan ýardam edýänligi, halkara guramalary we dünýä döwletleri bilen ähli ugurda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga esas döredýändigi bellenilip geçildi.
    Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara maslahatyň tematiki umumy mejlisleriniň jemleri boýunça halkara guramalaryň wekilleri hasabatlar bilen çykyş edip, Jemleýji resminamany kabul etdiler.

    Perhat ÇARYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    “INNOWASIÝALAR, PARAHATÇYLYK, DURNUKLY ÖSÜŞ”  ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT surady

    12/06/2025

    “INNOWASIÝALAR, PARAHATÇYLYK, DURNUKLY ÖSÜŞ” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT
    Onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi surady

    11/06/2025

    Onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi
    SANLY ULGAM ARKALY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYLDY surady

    15/05/2025

    SANLY ULGAM ARKALY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYLDY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI