14/10/2026
108
PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK DÄPLERINIŇ TARYHY KÖKLERINE BAGYŞLANAN OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri düşündirmek maksady bilen okuw-usuly seminar geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem-de paýtagtymyzdaky orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.
Okuw-usuly seminarda institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Güljahan Amanberdiýewa «Türkmen halkynyň parahatçylyk we bitaraplyk däpleriniň taryhy kökleri» atly tema boýunça çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda taryhy maglumatlara salgylanyp, türkmenleriň söweşjeňliginiň diňe bir goranyş maksady bilen peýdalanylandygyny belläp, olaryň adalatly we parahatçylyk söýüji jemgyýetde ýaşandygyny nygtady.
Seminarda Milli Liderimiziň okuw sapagyndaky parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik barada öwüt-nesihatlary, ýaşlary terbiýelemekde möhüm ädimleri dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, gyzykly sorag-jogap alyşmalar esasynda işjeň alnyp baryldy.
Kerwen ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby