Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
    17/12/2025

    1506

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY

    2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň II saýlama oýny geçirildi.
    Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berlen V möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar. Möwsümiň nobatdaky saýlama oýny «Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasynyň ykrar edilen merkezi» atly tema bagyşlanyldy.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň II saýlama oýnuna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanow, Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Allanazarow, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Nurana Söýünowa, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Allanazar Parahadow, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nurmuhammet Ýazmuhammedow, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Merjen Ataýewa, Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow dagy gatnaşdylar.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň II saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Güljemal Gummanowa, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy Gülälek Meretmyradowa dagy adalatly eminlik etdiler.
    Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanow hem-de Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow nobatdaky oýunda ýeňiş gazanmagy başardylar.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň II saýlama oýnuna Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hemaýatkärlik etdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri we gatnaşyjylary hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.

    Yhlas HALLYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby,
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I we II möwsümleriniň ýeňijisi.

    Soňky täzelikler

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    06/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi surady

    03/06/2026

    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler surady

    30/05/2026

    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI