62
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ V MÖWSÜMINIŇ SAÝLAMA TEST SYNAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň saýlama test synagy geçirildi.
Saýlama test synagyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 300-den gowrak ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Onuň dowamynda okuwçylar 100 sany test soraglaryna jogap berdiler. Soraglar orta mekdepleriň okuw maksatnamalary boýunça Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili dersleri boýunça taýýarlanyldy. Bäsleşigiň geçirilişine wideo-gözegçilik arkaly gözegçilik edildi.
Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň häzirki wagta çenli 4 möwsümi jemlenip, olaryň netijeleri boýunça 37 sany ýaş çapar saýlap alan hünärleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okap, kämil bilim alýarlar.
Şeýle bäsleşikleriň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi tarapyndan yzygiderli guralmagy mekdep okuwçylarynyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagynda, diplomatik hünäre höweslendirilmeginde möhüm ähmiýeti bar.
Orazjemal ÇARYÝAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler

22/09/2025
GARAŞSYZLYK BAÝRAMY GIŇDEN TOÝLANÝAR
19/09/2025
HÜNÄR KÄMILLIGI — GELJEKKI ÖSÜŞLERE BADALGA