18/06/2026
80
ONLAÝN USULY-OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda abraýly halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmelerinde indekslenýän žurnallarda ylmy makalalaryň çap edilmegini utgaşdyrmak boýunça 2026-njy ýyl üçin tassyklanan Ýol kartasynyň çärelerini durmuşa geçirmek maksady bilen onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary bilen birlikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň jogapkär wekilleriniň, ylym bölüminiň degişli jogapkär hünärmenleri we professor-mugallymlary onlaýn gatnaşdylar.
Onlaýn usuly-okuw maslahatynyň mazmuny täsirli çykyşlara baý bolup, çykyş edenler Peer-Review (Synçylyk) tapgyry: Synçylaryň bellikleri bilen işleşmek we makalany gaýtadan işlemek, Halkara žurnallaryň maliýe şertlerini seljermek: tölegsiz neşir mümkinçiliklerinden we neşirýat ýeňilliklerinden peýdalanmak ýaly temalar boýunça çykyşlar edildi. Usuly-okuw maslahatynyň ahyrynda gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna degerli jogaplary aldylar.
Miwe NABATOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň mugallymy