17/03/2026
87
ONLAÝN SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara hukugy fakultetiniň talyplary hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň geçiren onlaýn seminary geçirildi. Onlaýn seminarda Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Aýjeren Tagandurdyýewa çykyş etdi. “Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň hukuk düzgüni” atly tema bilen çykyş eden mugallym bu ugur boýunça täsirli maglumatlary belläp geçdi. “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tebigatdan peýdalanmak we tebigaty goramak işini netijeli dolandyrmaga, durnukly ekologiki ösüşe we tebigaty goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň işeňňir gatnaşmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn görkezmeleri esasynda täsirli söhbetdeşlik guraldy. Onlaýn seminara gatnaşanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna anyk jogaplary aldylar.
Nurana ARNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.