24/04/2025
520
ONLAÝN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli onlaýn okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy
iki sany hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler
ministrliginiň Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda özara
diplomatik onlaýn okuw sapaklarynyň geçirilmegi boýunça taslamanyň çäklerinde
geçirildi. Okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Okuw sapagynda Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Kazy
Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory,
taryh ylymlarynyň doktory, professor Kurmanow Zaýnidin Karpekowiç “Merkezi Aziýa
sebitiniň emele gelmegi we onuň ösüşi: geçmiş we häzirki döwür” atly tema bilen çykyş
etdi. Çykyşynyň dowamynda professor sebitleýin syýasatyň esasy wezipeleriniň
goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de
halkara derejesinde özara işjeň gatnaşygy üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Alymyň
çykyşy talyplara diplomatiýa we halkara gatnaşyklary babatda özleriniň bilimlerini
artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Taňryguly GELDIMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI