22/04/2025
441
ONLAÝN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi
mynasybetli onlaýn okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy iki sany
hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gyrgyz
Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Kazy Dikambaýew
adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda özara diplomatik onlaýn
okuw sapaklarynyň geçirilmegi boýunça taslamanyň çäklerinde geçirildi.
Okuw sapagynda Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň
Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň halkara
gatnaşyklary we hukuk kafedrasynyň professory Orolbaýewa Irina
Abdyýewna “Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşi” atly tema
bilen çykyş etdi.
Okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp
ýaşlary gatnaşdylar. Çykyşynyň dowamynda Ilçi sebitleýin syýasatyň
esasy wezipeleriniň goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak,
sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de halkara derejesinde özara
işjeň gatnaşygy üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Ilçiniň çykyşy
talyplar üçin diplomatik tejribäniň çäklerinde gepleşik geçirmek we
garşylyklary çözmek ýaly amaly başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik
berdi.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI