
30/11/-0001
785
ONLAÝN ARKALY GEÇIRILEN IŞ MASLAHATY
2022-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan gurnalan Durnukly ösüş maksatlary boýunça Milli meýletin syny taýýarlamak boýunça iş maslahaty geçirildi. Bu maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Baş edarasynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Sport we ýaşlar syýasaty, Bilim ministrlikleriniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Milli meýletin synlar taýýarlanylanda çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak we olaryň zerurlyklaryny maliýeleşdirmek babatda tejribe alyşmagyň aýratyn möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Meýlis HOJAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI