10/04/2025
514
OKUW-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň guramagynda «Halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmeleri (Scopus,
Web of Science, РИНЦ, Google Scholar, beýlekiler)» atly tema boýunça okuw-
usuly maslahat geçirildi. Maslahata sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň
gatnaşdylar.
Okuw-usuly maslahatynyň dowamynda bilermenler Türkmenistanda ylmyň
ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawyň yzygiderli artýandygy ýokary
bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikleriň döredilýändigi
barada nygtap geçdiler. Ýaş hünärmenleriň ylmy-tehniki maglumat çeşmelerinden
ýerlikli peýdalanyp başarmalydyklaryny bellediler.
Okuw-usuly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkara ylmy-tehniki
maglumat çeşmeleri barada özlerini gyzyklandyrýan sowallar arkaly işjeň
gatnaşdylar.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI