701
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen okuw sapagy geçirildi. Oňa institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Sapagyğ dowamynda talyp ýaşlaryň taýýarlan prezentasiýalary görkezildi we çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda talyp ýaşlar Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze jildinde “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri barada beýan etdiler.
Şeýle okuw sapaklarynyň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde yzygiderli geçirilmeginiň talyp ýaşlaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetini wagyz etmekde, olaryň goşmaça bilim endiklerini ösdürmekde möhüm ähmiýeti bar.
Güljahan AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.