Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Nelson Mandelanyň Halkara güni
    Nelson Mandelanyň Halkara güni
    Nelson Mandelanyň Halkara güni
    11/08/2023

    1333

    Nelson Mandelanyň Halkara güni

    Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2009-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Nelson Mandelanyň doglan günini,Mandelanyň jynsparazlyga we azatlyk ugrundaky göreşini ykrar etmek üçin 18-nji iýuly “Halkara Nelson Mandela güni” diýip yglan etdi. Her ýyl bellenilýän Nelson Mandelanyň halkara güni ähli sütemlere we gynamalara garamazdan bagyşlaýjy we birleşdiriji garaýyş bilen ýatlanýar.
    Mandela Günorta Afrikanyň prezidentligine saýlanmagyna çenli dowam eden “aparteid” düzgünine garşy güýçli göreş döwrüne girýär,bu bolsa garaýagyzlar bilen akýagyzlar arasyndaky kemsidiji düzgünleri öz içine alýardy.Ol jynsparaz sütemlere we hüjümlere garşy döredilen Afrika Milli Geňeşine goşuldy we Afrikada ilkinji gara aklawçy boldy. Mandela şol wagt häkimiýetdäki partiýa “aparteid” düzgünine geçensoň, Milli Geňeşiň işinde öňdebaryjy şahsyýetleriň birine öwrüldi. Bu etapdaky roly sebäpli 1962-nji ýylda tussag edilip,1963-nji ýylda ömürlik tussag edildi.Türmede geçiren 27 ýylynyň dowamynda daş we hek karýerlerinde işledi. Onuň maşgalasy bilen duşuşmagyna-da rugsat berilmedi.Türmeden boşadylandan soň,71 ýaşyndaky Mandela bagyşlaýjy we birleşdiriji garaýyş bilen Günorta Afrikada garaýagyzlara ýolbaşçylyk etdi.
    Mandelanyň türmeden boşamagy we aparteid düzgüniniň aýrylmagy bilen Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Frederik Willem de Klerk bilen birlikde Nelson Mandela 1993-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar.1994-nji ýylda Günorta Afrika Respublikasynyň dürli gatlaklaryndan bolan afrikalylaryň gatnaşan milli saýlawlarynda demokratik ýol bilen saýlananilkinji garaýagyz Prezident boldy.Mandelanyň prezidentlik döwründe täze konstitusiýanyň döredilmegine gatnaşdy. Saýlaw döwründe beren wadasyna laýyklykda diňe bir möhlete prezidentlik eden Mandela, ikinji saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwürdi we ömrüniň ahyryna çenli haýyr-sahawat işlerine,garyplyga garşy göreşe bagyş etdi.
    Uzak wagt türmede oturan biri hökmünde türme şertlerini kesgitlemegiň üstünde işledi. Mandelanyň işine hormat goýmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2015-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky karary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň tussaglara çemeleşmegiň iň pes kadalaryny täzelemek arkaly “Nelson Mandela düzgünlerini” kabul etdi.

    Jahan TAGYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI