Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Habarlar / MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ÝAŞLARYNYŇ DIALOGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ÝAŞLARYNYŇ DIALOGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ÝAŞLARYNYŇ DIALOGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ÝAŞLARYNYŇ DIALOGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    12/03/2026

    100

    MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ÝAŞLARYNYŇ DIALOGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» diýen mowzuk astynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Çäräniň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa gutlag sözi bilen çykyş etdi.
    Forumda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow çykyş etdiler.
    Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowanyň we ýokarda agzalan döwletleriň wekiliýetleriniň agzalarynyň çykyşlary diňlenildi. Forumyň maksatnamasy hünär tejribesini alyşmak we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri işläp düzmek üçin netijeli meýdança öwrülmäge gönükdirilendir. Bu çäräniň geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we pugtalandyrmak ýaly ileri tutulýan maksadyň durmuşa geçirilmegine gönüden-göni ýardam edýär.
    Jemläp aýdanyňda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň nobatdaky duşuşygynyň geçirilmegi açyk dialoga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegi üçin berk binýady goýýar.

    Akmuhammet BERDIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji  sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy surady

    13/03/2026

    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    «GELSE NOWRUZ ÄLEME-REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA»  ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY surady

    13/03/2026

    «GELSE NOWRUZ ÄLEME-REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA» ATLY KITABYNY WAGYZ ETMEK MAKSATLY DUŞUŞYK surady

    12/03/2026

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA» ATLY KITABYNY WAGYZ ETMEK MAKSATLY DUŞUŞYK
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI