01/05/2026
113
MEDIA SOWATLYLYGYNY KÄMILLEŞDIRMÄGE GÖNÜKDIRILEN OKUW SAPAGY JEMLENDI
2026-nji ýylyň 1-nji maýynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki «Carbon» okuw merkezinde «Sanly storitelling, etika, YouTube-da we durmuş ulgamlarynda kontenti öňe sürmek, media işine emeli aňy ornaşdyrmak» atly okuw sapagynyň jemleýji güni geçirildi. Üç günüň dowamynda netijeli alnyp barlan bu okuw sapagy dabaraly ýagdaýda tamamlandy.
Okuwyň soňky gününde gatnaşyjylar ýumuşlary ýerine ýetirmek arkaly sapaklary ýokary derejede özleşdirendigini görkezdiler. Gazagystandan gelen bilermenler Gulim Amirhanowa we Aýganym Amirbekowa tarapyndan guralan toparlaýyn işlerde hem amaly ýumuşlarda geljekki ýaş žurnalistler häzirki zaman media gurallaryny ulanmak boýunça tejribelerini kämilleşdirdiler.
Okuw sapagyny üstünlikli tamamlap, media sowatlylygy hem-de sanly tehnologiýalar ugrundan täze başarnyklary ele alan gatnaşyjylara Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan ýörite Şahadatnamalar gowşuryldy.
Şeýle halkara derejeli okuwlaryň guralmagy, ýurdumyzyň ýaş hünärmenleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden peýdalanyp, maglumat giňişliginde döwrebap we täsirli kontentleri döretmeklerine giň ýol açýar.
Aýlar SADYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY