24/04/2025
621
Maýa goýum forumy: mümkinçilikler, teklipler, taslamalar
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklary durnukly
ösüşe eýe bolýar. Şunda giň wekilçilikli işewürlik maslahatlarynyň, maýa goýum
forumlarynyň guralmagy bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, senagat, maýa
goýum mümkinçilikleri, olardan netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan
işleriň gerimi giňden açylyp görkezilýär. Bu bolsa ykdysady we önümçilik
taslamalaryna daşary ýurt maýadarlaryny çekmekde örän netijelidir. Şoňa görä-de,
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur
şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek
boýunça halkara forumyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyzyň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda:
«Häzirki döwürde Türkmenistan ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary bolan
ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny
hem-de hususy pudagy ösdürmek babatda uzak geljegi nazarlaýan taslamalary
durmuşa geçirýär. Şeýle taslamalary halkara maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen
bilelikde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär» diýlip bellenilýär. Munuň özi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde
ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak ugrunda
tutumly işleriň amala aşyrylmagyny şertlendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurt maýa
goýumlarynyň çekilmegi bilen amal edilýän maýa goýum taslamalary barha artýar.
Şu jähetden, bu halkara forumyň esasy maksady hem okgunly ösýän milli
ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, bu ugurda
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan, kärhanalaryň,
guramalaryň, kompaniýalaryňdyr maliýe düzümleriniň arasynda işewürlik
gatnaşyklaryny we göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki maýadarlary,
gyzyklanma bildirýän taraplary bu işe çekmekden, döwletimiziň işewürlik
abraýyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Foruma öňdebaryjy daşary ýurt korporasiýalary, iri halkara we sebit
guramalary, maliýe edaralary, maslahat beriş hem-de reýting agentlikleri, halkara
bilermenler gatnaşýarlar. Şeýle hem 40-dan gowrak ýurduň wekilleriniň foruma
gatnaşmaga isleg bildirmegi çäräniň geriminiň örän giňdiginiň, daşary ýurtly
hyzmatdaşlaryň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň
mysalydyr. Bu forum maliýe serişdeleri üçin ileri tutulýan pudaklary kesgitlemäge,
innowasion teklipler bilen tanyşdyrmaga amatly mümkinçilikleri döredýär.
Umumy mejlisiň esasy mowzugy «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly: bütindünýä energiýanyň we durnukly ösüşiň geljegini emele
getirmekde Türkmenistanyň orny» meselesi boldy. Onuň çäklerinde energetika
diplomatiýasynda ýurdumyzyň eýeleýän orny hem-de onuň sebit durnuklylygyna
we howpsuzlygyna täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem forumyň
maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze
maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa», «Gurluşyk, ulag,
maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna aýratyn üns berip,
Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini
çaltlandyrmak», «Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum
mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa», «Önümçiligi ösdürmek hem-de senagat,
oba hojalyk, dokma we azyk önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak» ýaly
ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Şeýlelikde, dünýäde ösen ykdysadyýeti bilen tanalýan Malaýziýanyň
paýtagtynda guralan bu halkara forum ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny,
eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli taslamalary amala aşyrmakda,
Türkmenistany dünýä derejesinde harytlary ibermekde bäsdeşlige ukyply döwlet
hökmünde görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda
alnyp barylýan oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň has-da rowaçlanýandygynyň
nobatdaky beýanydyr.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.