24/04/2025
629
Maýa goýum forumy: mümkinçilikler, teklipler, taslamalar
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklary durnukly ösüşe eýe bolýar. Şunda giň wekilçilikli işewürlik maslahatlarynyň, maýa goýum forumlarynyň guralmagy bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, senagat, maýa goýum mümkinçilikleri, olardan netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işleriň gerimi giňden açylyp görkezilýär. Bu bolsa ykdysady we önümçilik taslamalaryna daşary ýurt maýadarlaryny çekmekde örän netijelidir. Şoňa görä-de, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyzyň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Häzirki döwürde Türkmenistan ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary bolan ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny hem-de hususy pudagy ösdürmek babatda uzak geljegi nazarlaýan taslamalary durmuşa geçirýär. Şeýle taslamalary halkara maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär» diýlip bellenilýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak ugrunda tutumly işleriň amala aşyrylmagyny şertlendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi bilen amal edilýän maýa goýum taslamalary barha artýar. Şu jähetden, bu halkara forumyň esasy maksady hem okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan, kärhanalaryň, guramalaryň, kompaniýalaryňdyr maliýe düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny we göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki maýadarlary, gyzyklanma bildirýän taraplary bu işe çekmekden, döwletimiziň işewürlik abraýyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Foruma öňdebaryjy daşary ýurt korporasiýalary, iri halkara we sebit guramalary, maliýe edaralary, maslahat beriş hem-de reýting agentlikleri, halkara bilermenler gatnaşýarlar. Şeýle hem 40-dan gowrak ýurduň wekilleriniň foruma gatnaşmaga isleg bildirmegi çäräniň geriminiň örän giňdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň mysalydyr. Bu forum maliýe serişdeleri üçin ileri tutulýan pudaklary kesgitlemäge, innowasion teklipler bilen tanyşdyrmaga amatly mümkinçilikleri döredýär.
Umumy mejlisiň esasy mowzugy «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bütindünýä energiýanyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň orny» meselesi boldy. Onuň çäklerinde energetika diplomatiýasynda ýurdumyzyň eýeleýän orny hem-de onuň sebit durnuklylygyna we howpsuzlygyna täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem forumyň maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa», «Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna aýratyn üns berip, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak», «Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa», «Önümçiligi ösdürmek hem-de senagat, oba hojalyk, dokma we azyk önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak» ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Şeýlelikde, dünýäde ösen ykdysadyýeti bilen tanalýan Malaýziýanyň paýtagtynda guralan bu halkara forum ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli taslamalary amala aşyrmakda, Türkmenistany dünýä derejesinde harytlary ibermekde bäsdeşlige ukyply döwlet hökmünde görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň has-da rowaçlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.