06/05/2023
1359
“Let’s speak up” gurnagy öz işini dowam edýär
2023-nji ýylyň 6-njy mayynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň “Let’s speak up” gurnagynyň dokuzynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk “Conversation” temasyna bagyşlandy. Duşuşygyň dowamynda tema degişli wideoýazgy görkezildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurnagyň agzalary dürli oýunlaryň we soraglaryň üsti bilen geçilen temany berkitdiler. Şeýle-de çykyşlaryň ahyrynda gurnagyň agzalarynyň arasynda özara pikir alyşmak we söhbetdeşlik boldy.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
24/10/2025
ESSE ÝAZMAK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI
24/10/2025
ŞANLY SENELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT
23/10/2025
Žurnalistler üçin okuw sapagy geçirildi