Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY
    26/11/2025

    695

    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERINIŇ ÝURDUMYZA SAPARY BAŞLANDY

    2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Lançžou uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi. Oňa Lançžou uniwersitetinden we institutymyzdan professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşyklar hytaý wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň 25-30-njy noýabrynda ýurdumyza saparynyň çäklerinde geçirildi.

    Myhmanlar üçin institut boýunça tanyşlyk gezelençleri geçirildi. Olar türkmen diplomatiýasynyň milli muzeýine, nemes kitaphanasyna aýlanyp gördiler. Gezelenç tamamlanandan soň hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda talyplar üçin okuw sapagy guraldy. Okuw sapagyny Lançžou uniwersitetiniň Türkmenistan boýunça barlag merkeziniň ýolbaşçysy Wang Sihai hem-de şol uniwersitetiň Halkara medeni alyş-çalyş institutynyň ýolbaşçysy Li Kunlin alyp bardy. Onda myhmanlar gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy ösüşi barada talyp ýaşlara gürrüň berdiler. Lançžou uniwersitetiniň gurluşy we ondaky bilim beriş ulgamy barada aýdylanlar duşuşyga gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Onuň ahyrynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyran sowallara jogap aldylar.

    Talyp ýaşlar bilen okuw sapagy tamamlanandan soň institutyň professor-mugallymlary bilen duşuşyk geçirildi. Onda hünärmenler bilim bermegiň döwrebap usullary, sanlylaşdyrmak we sanly tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny peýdalanmak barada giňişleýin gürrüň berdiler.

    Ýeri gelende bellesek, üstümizdäki ýylda Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirilip, duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilipdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem gol çekilipdi.

    Şeýle çäreleriň geçirilmegi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze derejä çykandygyny görkezýär we geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hünär bilimini kämilleşdiriş sapaklary bolup hyzmat edýär.


    Şyhdurdy ŞYHYÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    «ÇÄKSIZ DÜNÝÄ: HEMMELER ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIK» ATLY INKLÝUZIW FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    04/12/2025

    «ÇÄKSIZ DÜNÝÄ: HEMMELER ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIK» ATLY INKLÝUZIW FESTIWALY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝA: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE  MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR surady

    03/12/2025

    MERKEZI AZIÝA: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR
    Onlaýn açyk sapak geçirildi surady

    03/12/2025

    Onlaýn açyk sapak geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI