298
«Kitap marafonynyň» ýeňijileri sylaglanyldy
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşi tarapyndan geçirilen «Kitap marafonynyň» jemi jemlendi. Ýaşlarda kitap okamak endigini ösdürmek, pikirlenmegi we hyýaly düşünjeleri kämilleşdirmek, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 2025-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli 426 sany gatnaşyjy hasaba alyndy.
Marafon iki tapgyrdan ybarat bolup, saýlama tapgyrynda 426 gatnaşyjydan 210 gatnaşyjy saýlanyp alyndy. 24-nji oktýabrda saýlama tapgyryndan geçen 210 gatnaşyjydan 71 sany kitapsöýüji ýeňiş gazanyp, onuň jemi jemlenildi we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Tapawutlanan gatnaşyjylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara institutymyzyň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip, kitap okamagyň ähmiýeti barada belläp geçipdir. Dünýä alymlarynyň hem tassyklaýşy ýaly, kitap okamagy ýaşlykdan endik edinen adamyň ýatkeşligi güýçli, söz gory baý, zehini ýiti, paýhasy dury bolýar.
Ýaşlaryň arasynda kitap okamak endigini ösdürmek maksady bilen geçirilen «Kitap marafony» üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň saýlanylyp alynmagy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň we dostlugyň mekany Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha pugtalanmagyna bolan gyzyklanmasynyň artmagyna, watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularynyň kämilleşmegine uly goşant goşdy. Bu marafonyň dowamynda gatnaşyjylara gündelik sowallaryň berilmegi, kitap barada özara pikir alyşmalaryň we gyzykly çäreleriň guralmagy bagtyýar ýaşlarda kitap okamak endiginiň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.
«Kitap marafonyna» gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, döretmäge, zehin başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini aýtdylar.
Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
24/10/2025
SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
24/10/2025
ESSE ÝAZMAK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI