13/04/2023
1981
“Iňlis dili” dersi boýunça II halkara internet olimpiadasy geçirildi
2023-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gurnamagynda “Iňlis dili” dersi boýunça II halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde halkara derejesinde geçirilen bu II halkara internet olimpiadasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan 35 talyp gatnaşdy. Ýakyn günlerde bäsleşigiň netijeleriniň mälim edilmegine garaşylýar.
Begenç AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler
24/10/2025
ESSE ÝAZMAK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI
24/10/2025
ŞANLY SENELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT
23/10/2025
Žurnalistler üçin okuw sapagy geçirildi