12/11/2026
54
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA SAPARYNYŇ YKDYSADY ÄHMIÝETI
Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy şöhratly wakalara, beýik döwletlilik ýörelgelerine örän baýdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň giňişliklerinde onlarça kuwwatly döwletleri, beýik imperiýalary döredip, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşant goşupdyrlar. Şol beýik döwletleriň döremegi bilen parahatçylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik hem-de adalatlylyk ýaly ýörelgeler kemala gelipdir. Taryhyň çylşyrymly döwürlerinde özbaşdak döwletli bolmak arzuwy halkymyzyň ýüreginde ýaşady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen, türkmen milletiniň asyrlar boýy kalbynda beslän şol beýik arzuwlary hakykata öwrüldi.
Garaşsyzlyk diňe bir syýasy düşünje bolman, ol ozaly bilen biziň özbaşdak halk hökmündäki barlygymyz, erkin ýaşaýşymyz, milli mertebämiz hem-de tükeniksiz bagtymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň hem gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda garaşsyzlygymyz durandyr. Şonsuz biziň öňe gitmegimiz mümkin bolmazdy. Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk — barlygymyz. Garaşsyzlyk — bagtymyz».
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda, biz geçen taryhy ýolumyza ser salanymyzda, ýurdumyzyň gazanan belent şöhratyna, syýasy, ykdysady, medeni ösüşlerine buýsanýarys. Ine, ýakynda hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna iş sapary amala aşyrmagy sebitiň durnukly ösüşine, ulag-logistika kuwwatynyň artmagyna we energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşdy. Ählimizi begendiren wakalaryň biri hem saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşanynyň» we ýörite şahadatnamanyň gowşurylmagydyr. Bu belent sylag türkmen-türk işewürlik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, söwda we maýa goýum ugurlarynda taraplaryň özara ynamyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda türk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýan iri gurluşyk, senagat we logistika taslamalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda sebitde durnukly ulag düzümini döretmegiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Ankara saparynyň çäklerinde Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny has-da artdyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly ulanmak arkaly Türkiýe we beýleki türki döwletler bilen ýük dolanyşygyny yzygiderli köpeltmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde möhüm logistik merkeze öwrülmegini şertlendirýär.
Türkmenistan dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şol sebäpli biz Türki Döwletleriň Guramasyny doganlyk döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm guramasy hökmünde görýäris. Onuň işiniň netijeli bolmagy, ilkinji nobatda, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen anyk başlangyçlaryň we özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Olary netijeli peýdalanmak üçin energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek zerur bolup durýar. Şol bir wagtda, özara maýa goýumlary höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys.
Ykdysady ösüşi üpjün etmekde we sebitara gatnaşyklary giňeltmekde ulag-aragatnaşyk ulgamy strategik ähmiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň amatly geografik ýerleşişi Merkezi Aziýany, Hazar sebitini, Günorta Kawkazy, Gara deňiz sebitini, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan dünýäde iň iri tebigy gaz gorlaryna eýe bolan döwletleriň biri hökmünde Türkiýe we sebit ýurtlary bilen energetika pudagyndaky gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarýar. Türkmen gazyny we elektroenergiýasyny Türkiýäniň üsti bilen dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça strategik taslamalar ykdysady taýdan uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem söwda, senagat, dokma we oba hojalygy pudaklarynda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly içerki önümçiligi we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek bellenildi.
Saparyň dowamynda türkmen we türk işewür toparynyň, şol sanda «Çalyk Holding» ýaly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi ýurdumyza täze maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge ýol açýar. Türkiýäniň işewürleri Türkmenistandaky amatly maýa goýum gurşawyny, amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleri ýokary bahalandyrýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň, halkara ýük daşamalaryň şertlerini has-da kämilleşdirmegiň, gümrük amallaryny yzygiderli ýeňilleşdirmegiň, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, üstaşyr geçelgeleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, logistika amallaryny utgaşdyrmak we ýükleriň geçirilmegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Ýene-de bir wajyp mesele daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bolup durýar. Türkmenistan bu wezipä döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Ýurdumyz ekologik abadançylygy üpjün etmäge, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga, ekologik howpsuzlygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşiň ekologik esaslaryny berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Suw serişdelerini tygşytly ulanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we tebigy ekoulgamlary goramak möhüm meselelerdir. Olaryň netijeli çözgütleriniň tapylmagy biziň ýurtlarymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz halklarymyzyň arasyndaky gadymy taryhy we ruhy arabaglanyşygyň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýändiginiň, onuň medeni mirasy ösdürmek, ylym-bilime hormat goýmak, maşgala mukaddesligine sarpa goýmak, ulyny sylamak, myhmansöýerlik we parahatçylykly ýaşaýyş ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýändigini belläp, bu gymmatlyklary has-da dabaralandyrmak maksady bilen, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtady.
Ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, döredijilik toparlarynyň we ýaşlar guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny hem-de akademiki alyşmalary ýola goýmak bu ugurda täze mümkinçilikleri döreder. Şeýle hem syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Biz özara syýahatçylyk alyşmalaryny giňeltmek we ýurtlarymyzyň gadymy ýadygärliklerini halkara derejede wagyz etmek üçin bilelikdäki başlangyçlary goldaýarys. Ýurtlarymyzyň taryhy ýerleri, tebigy gözellikleri we milli däpleri halkara syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Türki Döwletleriň Guramasy we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň aýratyn ähmiýetini belledi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, halkara derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we ynsanperwer hem-de ekologik meseleleriň çözülmegine uly goşant goşar.
Şeýle ugurlarda ýurdumyzyň halkara başlangyçlary hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek barada Kararnamany kabul etdi. Bu çözgüt halkara hukugyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmaga, onuň kadalarynyň we ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarda berk berjaý edilmegine gönükdirilen. Şonuň ýaly-da, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mümkinçilikden peýdalanyp, ähli gatnaşyjy döwletleriň Prezidentlerine Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli üns berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary iki doganlyk ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň mizemezdigini ýene bir ýola aýdyň etdi.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy