10/02/2026
138
“Horizon Europe” maksatnamasy bilen bagly okuw seminary geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň “Horizon Europe” maksatnamasyna bagyşlanan okuw seminary geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw seminaryny Ýewropa Komissiýasynyň Global hyzmatlar boýunça utgaşdyryjysy Kseniýa Sawçenko alyp bardy.
Seminaryň dowamynda Kseniýa Sawçenko “Horizon Europe” maksatnamasynyň gurluşy, degişli maliýeleşdiriş we tematik ugurlarynyň kesgitlenilişi, maliýeleşdiriş hem tenderler portaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň alymlary üçin aýratyn “Horizon Europe” çagyryşlary barada giňişleýin gürrüň berdi.
Mundan başga-da, seminaryň barşynda onlaýn görnüşinde Polşanyň “Horizon Europe” maksatnamasynyň 4-nji klasteri (sanly ulgam, senagat, kosmos) boýunça Milli Kontakt Nokadynyň wekili Elżbieta Pietrzykowska çykyş etdi. Ol özüniň çykyşynda “Horizon Europe” maksatnamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän guramalar üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň hem-de aragatnaşyk çäreleriniň, maglumat günleriniň we webinarlaryň guralyşy barada beýan etdi.
Şeýle hem seminaryň dowamynda “Horizon Europe” maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň Milli Kontakt Nokadynyň utgaşdyryjysy Gülnabat Gurdowanyň, “Marie Skłodowska-Curie Actions” maksatnamasy boýunça jogapkäri Gunça Seýilbaýewanyň çykyşlary diňlenildi.
Seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň mugallymy.