31/03/2026
153
HÄZIRKI ZAMAN JEMGYÝETINDE ZENANLARYŇ ORNUNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky degişli düzümleriniň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň zenan ýolbaşçylary, şeýle-de dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň zenan mugallymlary hem gatnaşdylar.
Maşgalanyň sütüni hasaplanýan gelin-gyzlarymyzyň sarpasyny belent tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda zenanlara mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi, çagalygy goramak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin strategik maksatlary kesgitleýän meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Maslahatyň esasy maksady hem şu ugurdaky giň gerimli işleri wagyz etmekden ybarat boldy.
Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň möhüm orny bar. Ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler esasynda türkmen zenanlary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda önjeýli zähmet çekip, döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň enelerdir gelin-gyzlara hormat goýmak babatda asylly ýörelgelerini dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda zenanlaryň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işler barada giňişleýin söhbet edildi.
Miwe NABATOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.