Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Halkara žurnalistikasy: Halypa-şägirt ýörelgesi bilen
    Halkara žurnalistikasy: Halypa-şägirt ýörelgesi bilen surady
    30/11/-0001

    748

    Halkara žurnalistikasy: Halypa-şägirt ýörelgesi bilen

      2021-nji ýylyň  25-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek, şeýle hem žurnalistleriň döwrebap sanly foto kameralardan, kompýuterlerden, dizaýn işlerinden oňat baş çykarmagy, žurnalistika babatda halypa-şägirt ýoluny ösdürmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewanyň gatnaşmagynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary bilen amaly sapak geçirildi.

      Amaly sapagyň dowamynda Ogulmaýsa Allaberdiýewa ýaş žurnalistlere hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşlerini, alyp barýan içeri we daşary syýasatyny mynasyp şöhlelendirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerimiziň wekilleriniň, ussat žurnalistleriň  zähmeti, goşýan goşandy, olayň öňlerinde goýlan wezipeleri, borçlary barada aýdyp, edil wagyzçylar, žurnalistler bilen bir hatarda oňa ähli ýaşlaryň hem borçludygyny nygtady.

      Şeýle-de ol häzirki wagtda mähriban Arkadagymyzyň üns merkezinde bolan halypa-şägirt ýoluny ösdürmekde  türkmen edebiýatynda we žurnalistikasynda uly yz galdyran halypa žurnalistlerimiziň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň zähmet ýoluny, özboluşly döredijilik çemeleşmelerini çuňňur öwrenmek, ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy gorap saklamak we ony giňden wagyz etmek žurnalistika hünärinde bilim alýan her bir talybyň esasy maksady bolmalydygyny aýratyn belledi. Ussat hünärmeni taýýarlamak döwrüň talaby. Şonuň üçin hem, ussatlyga ýetmekligi maksat edinen her bir  ýaş žurnalistiň irginsiz zähmet çekip, ähli işe ynam bilen dogumly çemeleşmelidigini maslahat berdi.

      Köp okujyly, ençeme halypalaryň döredijilik, halypalyk edip yhlas siňdiren, 60-dan gowrak ýyl bäri çap edilýän “Edebiýat we sungat” gazetinde hereket edýän, manyly rubrikalaryň astynda berilýän materiallar, olary redaktirlemekde halypalaryň ussatlyklary, gazetiň söýlüp okalmagy üçin goşulan  mynasyp goşantlar barada aýratyn mysallara ýüzlenip, täsirli gürrüň berdi. 

      Şeýle-de ol: “Gazetimizde täze döredilen “Şahyryň sözi” rubrikasy ýaşlar üçin örän peýdaly bolar. Sebäbi biz şol rubrikada halypa şahyr, Türkmenistanyň gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, merhum ýazyjy-şahyrlarymyz bolan Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Çary Geldimyradow ýaly ussatlaryň ýazmak bilen bagly ýatlamalaryny, maslahatlaryny çap edip ýaşlar üçin döredijilik mekdebini dörederis...” diýip, geljekki žurnalistlere şol materiallary okap, öz üstlerinde yzygiderli işlemeklerini döwrüň, Gahryman Arkadagymyzyň ynamyna mynasyp hünärmenler bolup ýetişmeklerini ündedi.

      Dürli sowallara döredijilikli, maglumatly  jogaplar arkaly täsirli alnyp barlan amaly sapagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilýän mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar.

                                                                       Gurbanjemal Egirjäýewa, 

                                                Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                                 Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

                                                  žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI