Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabara
    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabara surady
    30/11/-0001

    878

    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabara

    2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Dabara ýurdumyzdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt habarçylary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş  uniweristetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniweristetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektorlary we professor-mugallymlary, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we beýleki halkara hem-de sebitleýin guramalaryň wekilleri we Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri bolan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri çykyş edip, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň Kararnamasy hökmünde 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip  kabul edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda, şeýle hem bu ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatynda amala aşyryljak işleriň dünýäde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdi. Soňra bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Ýuneskonyň Baş konferensiýanyň başlygy Altaý Jengizer, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowoýa, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy Guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbon, Ýuneskonyň Baş direktorynyň Afrika ýurtlary boýunça orunbasary Firmin Eduard Matoko, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozd,  BMG-nyň Ýörite dolandyryş müdirliginiň Neşe serişdeleri we jenaýat bölüminiň direktorynyň orunbasary Kandiz Welş, Birleşen Milletler Guramasy boýunça Owganystan Yslam Respublikasynyň hemişelik wekili Adela Raz, Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Walentin Rybakow, Gazagystan Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Magžan Ilýasow, Nepalyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Amrit Bahadur Rai, Indoneziýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary, ilçi Mohammad Koba,  Bangladeş halk Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary, ministr Monwar Hossain, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri bolan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çykyş etdiler. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda umumadamzat ösüşlerine, parahatçylygyna we howpsuzlygyna gönükdirilen başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny uly kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

    Dabara  gatnaşyjylar, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlarynyň giň mümkinçiliklerini we wajyp ornunyň bardygyny  bellediler. Häzirki wagtda Aşgabadyň syýasy, ynsanperwer we daşky gurşaw bilen baglanyşykly global meseleleri çözmek baradaky başlangyçlaryna aýratyn gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistany dünýä giňişliginde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanamakda beýik tagallalary edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

    Laçyn Berdimyradowa

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

     Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI