08/12/2025
38
HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT
2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy: halkara hyzmatdaşlygyň taryhy tejribesi» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, şeýle-de Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda oňyn bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigi dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi. Şeýle-de çykyş eden ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, professor-mugallymlar iki şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň hem-de bu guramanyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gabat gelmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny nygtadylar.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, ylmy-amaly maslahat öz işini «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: ynsanperwerligiň, agzybirligiň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne ýaýramagy», «Türkmen Bitaraplygynyň taryhy we hukuk binýady», «Sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň orny», «Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň nusgasy» atly 4 sany bölümçede dowam etdi.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahatyň işi üstünlikli jemlenip, oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de pugatalandyrylmagy ugrunda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Jahantäç GURBANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.