
28/06/2025
33
Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek!
Şeýle şahsyýetler bar: olar diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, müňýyllyklaryň
taryhynda şöhratly yz goýýarlar, nesiller üçin beýik işleri amal edýärler. Olar
taryhy hakydalary, milli ýörelgeleri öz kalbynda jemläp, il-halkyň, döwletiň
ykbalyny öz ykbaly hasaplap, mertebeli ýaşaýşyň nusgasyny görkezýärler. Şeýle
beýik şahsyýetiň ady halkyň aňyna, taryhyň gatlaryna müdimi ýazylýar. Milli
Liderimiziň nusgalyk ýoly, durmuş tejribesi heňňam hakykatlaryny jemleýän
kitap mysaly. Ol kitabyň her gatynda asman ýaly giňlik, daglar ýaly belentlik
bar, umman çuňlugyny ýada salýan pähim-parasat, çeşme suwy ýaly durulyk
bar...
«IŇ BELENT SÖÝGI WATAN SÖÝGÜSIDIR»
Hemmämiziň ýadymyzdadyr, Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji
sentýabrynda Arkadag şäherinde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: «Haýsy
ýokary döwlet wezipesinde işlesem-de, meniň ähli oý-pikirlerim halkym bilen
baglydyr. Men ömrümiň manysyny watandaşlarymyzyň asuda, bagtyýar we
abadan durmuşyny üpjün etmekde, mähriban halkyma gulluk etmekde görýärin»
diýip belledi. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiziň bütin ömrüni ýagşylyklara
beslemegi, halkymyzyň ynamyna, söýgüsine mynasyp bolmagy, berkarar
döwletimizi eşretli ýaşaýşyň, bagtyň mekanyna öwürmegi ömrüniň manysyna
deňäp, hemişe şu mukaddes düşünjelere hyzmat etmegi ýaş nesilleriň kalbynda iň
belent söýgini, ýagny, Watan söýgüsini çuňlaşdyrýar. Hut şu söýgi bilen
Gahryman Arkadagymyz ýüreklerimize, aň-üşügimize, dünýägaraýşymyza,
ideýalarymyza täzeçe mazmun bagyşlaýar.
Hormatly Arkadagymyzyň beýik işleriniň, manyly ömrüniň nusgalyk bolşy
ýaly, ýazan ajaýyp kitaplary hem ähli babatda gymmatly gollanmadyr. Ol eserlerde
ylmyň ähli ugurlaryndan, taryhyň dürli döwürlerinden, milli edebiýatymyzyň
şahalaryndan, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinden söz açylýar.
Şoňa görä-de, Milli Liderimiziň kitaplary dürli dillere terjime edilip, dünýä
jemgyýetçiligine ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň oktýabrynda
TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman bilen bolan
söhbetdeşlikde: «Saz, goşgy döretmek, has takygy, esasy işimden daşgary
gyzyklanma bildirýän sungatymdyr, ol iş-aladadan az-owlak ünsüňi sowmaga
kömek edýär. Kitap ýazmagy bolsa esasy işimiň, döwlete we halkyma gulluk
etmegiň aýrylmaz, möhüm bölegi hasaplaýaryn» diýip, döredijiligiň bu ugruna
örän jogapkärli garaýandygyny, galamy ele almazdan ozal, köp sanly maglumat
çeşmelerini içgin öwrenýändigini, hünärmenler bilen maslahatlaşýandygyny
aýratyn belläp geçdi.
Şunlukda, ylmy-döredijilik işinden ussatlyk bilen baş çykarýan, sungatyň
dürli ugurlary, sportuň ençeme görnüşleri bilen meşgullanyp, ýaşlara nusga bolýan
hormatly Arkadagymyzyň paýhas çeşmesi nusgawy şahyrymyz Magtymguly
Pyragynyň şygyrlaryndan, milli edebiýatymyzdan gözbaş alýar. Türkmençilik
ýörelgeleri bolsa Milli Liderimiziň her bir hereketinde, pikirinde, ýaşaýyş
filosofiýasynda jemlenýär. Bu ýörelgeleriň durmuşy beýanyny Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we
hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek, parahatçylyk söýüjilige
ýugrulan milli diplomatiýamyzy dabaralandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň
pudaklaryny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde aýdyň görmek bolýar.
«DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI»
Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmekde diplomatiýanyň gurallaryny işjeň
ulanmak häzirki zamanyň möhüm meselesi bolmagynda galýar. Şunuň bilen
baglylykda, Milli Liderimiz 2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkiýe
Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa
forumyndaky çykyşynda: «Diplomatiýanyň wezipesi we manysy gepleşikleri
geçirmekden, ylalaşygy gözlemekden, özara gatnaşyklaryň mäkäm köprülerini
gurmakdan ybaratdyr» diýip belledi. Şunda Türkmenistanyň halkara
gatnaşyklaryndaky çözgütleri, ilkinji nobatda, dost-doganlyk, hoşmeýillilik,
ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Bu ýörelgeler parahatçylygyň beýik
taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda has-da berkedi.
Bir hakykaty buýsanç bilen bellemelidiris: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalar
kabul edildi. Şolaryň aglabasy Türkmenistan döwletimiziň, hut, Milli Liderimiziň
başlangyjy bilen amala aşyryldy. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň anyk
kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljegimize gönükdirilen beýik
filosofiýasynyň esasynda halkara giňişlikde Türkmenistan döwletimiziň abraýynyň
barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki zaman dünýä syýasatynda, diplomatiýa sungatynda umumy ykrar
edilen we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan ajaýyp filosofiýa bar. Ol
«Dialog — parahatçylygyň kepili». Mälim bolşy ýaly, halkara gatnaşyklaryň şeýle
mazmunly täze filosofiýasy Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 11-
nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty —
halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy» atly halkara maslahatda
belent ykraryny tapdy. Ol türkmen Bitaraplygynyň öňe sürýän pikir-
garaýyşlarynyň özboluşly jemlenmesidir. Ol hormatly Arkadagymyzyň: «Özüňden
beýgelip, il bolunýar, iliňden beýgelip, halk bolunýar, halkyňdan beýgelip, dünýä
bolunýar» diýen sözleriniň iş ýüzündäki beýanydyr.
«DÜNÝÄ PAÝHAS BILEN AÝLANÝAR...»
Bu jümle dünýäniň ösüş ýolunda paýhasly sözüň, oýlanyşykly ideýanyň
hoşniýetli ynsanlara täsir edip bilýändigini aňladýar. Biz bu hakykaty türkmen
halkynyň Milli Lideriniň halkara media ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyklarynda,
daşary ýurtly žurnalistleriň sowallaryna beren jogaplarynda, şeýle hem ýokary
derejeli duşuşyklaryň netijeleri boýunça metbugat beýannamalarynda has-da aýdyň
görýäris. Şunda hormatly Arkadagymyzyň ilkinji gezek döwletimiziň iň ýokary
wezipesine saýlanmagy mynasybetli, 2007-nji ýylyň 15-nji fewralynda Hytaý Halk
Respublikasynyň «Sinhua» habarlar agentligine, şol ýylyň 16-njy fewralynda bolsa
Russiýa Federasiýasynyň «Türkmenistan» halkara žurnalyna beren interwýularyny
buýsanç bilen ýatlamalydyrys.
Mundan başga-da, Milli Liderimiziň dürli ýyllarda Hytaýyň «Ženmin Žibao»
gazetiniň, «Hytaýyň halkara radiosy» radioýaýlymynyň, «Zaman Türkmenistan»
gazetiniň esaslandyryjysynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Ýaponiýanyň meşhur
habar beriş serişdeleriniň habarçylarynyň, Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler
kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysynyň, «Mir» döwletara
teleradiokompaniýasynyň žurnalistiniň, TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji
orunbasarynyň, Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World»
teleýaýlymynyň baş redaktorynyň sowallaryna jogap bermegi iň täze taryhymyza
möhüm sahypalar hökmünde möhürlendi. «Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin
bilen nurlanýar» diýýän Milli Liderimiz özüniň çykyşlarynda ata Watanymyzyň
ösüşlerini beýan edip, şöhratly taryhymyzy, milli ruhy ýörelgelerimizi, sözüň-
pähimiň güýjüni, ynanyşmagyň we dialogyň gymmatyny dünýä ýetirdi. Şeýle hem
bu interwýularda Gahryman Arkadagymyzyň maşgala gymmatlyklaryna garaýşy,
türkmençilik ýörelgeleri, özüniň şahsy gyzyklanmalary, hünär saýlamakda ýaş
nesillere maslahatlary hem beýan edilýär.
Ýeri gelende bellesek, bu halkara ähmiýetli interwýularyň mazmuny
Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly köp jiltli
kitaplarynda öz mynasyp ornuny tapdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň mart aýynda Milli Liderimiziň millionlarça teletomaşaçysy bolan
«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolmagy bolsa, dünýä
bileleşiginiň Türkmenistan döwletimize bolan ägirt uly gyzyklanmasynyň aýdyň
güwäsidir.
* * *
«Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler».
Hormatly Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabyndan alnan bu jümle
halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişine, watansöýüjilik häsiýetlerine,
gahrymançylygyna, ynama ygrarlylygyna, belent ahlaklylygyna ser salanyňda has-
da aýdyňlaşýar. Binýady mizemez ýörelgelerden kemal tapan milli döwletlilik
ýolumyz halkyň Beýik Ogly Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen dünýä ýaň
salýar. Bu ýol peder kesbini mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň
tagallalary bilen täze menzillere uzaýar. Goý, biziň ählimizi bir belent maksada
birleşdirip, döwletimiziň şu güni we geljegi hökmünde biz — ýaşlaryň gujur-
gaýratyna uly ynam bildirýän, bütin ömrüniň manysyny eziz Watanymyza,
mähriban halkymyza hyzmat etmekde görýän Milli Liderimiz Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent
başlary aman, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara ýar bolsun!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti, 28.06.2025 ý.
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/199065