02/05/2025
474
“HALK DIPLOMATIÝASY” ATLY TEMA BOÝUNÇA WEBINAR GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň hem-de ugurlarynyň
Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly ulgam arkaly webinar geçirildi.
Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly
ygtyyarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Kakajan Mommadow
“Halk diplomatiýasy” atly tema boýunça çykyş etdi. Webinara
ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-
mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn arkaly gatnaşdylar. 2025-nji ýyl-
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmegi
mynasybetli geçirilmeli çärelere işjeň gatnaşýan ýaş wagyzçylar, ýaş
meýletinçiler hem bu okuw sapagyna gatnaşdylar.
Geçirilen okuw sapagy geljekde diňe bir diplomatiýa ulgamynda
däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda hem zähmet çekjek talyp
ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam etdi.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI