20/10/2026
104
HAFEZ ŞIRAZYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI GURALAN MEDENI-EDEBI ÇÄRE
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň guramagynda Hafez Şirazynyň şygryýet güni mynasybetli medeni-edebi çäre geçirildi. Oňa myhmanlar, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň pars dili mugallymy Döwletgeldi Hallygylyjow açdy. Onda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostluk, goňşuçylyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini belledi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi bolsa halklary ýakynlaşdyrmakda we özara ynamy berkitmekde nusgawy edebiýatyň, taryhy we medeni mirasyň, çeper beýanyň aýratyn ornuny nygtady.
Çäräniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi beýik şahyryň durmuşyna we baý döredijilik mirasyna bagyşlanan ýörite wideofilmi görkezdi. Institutyň talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew Hafez Şiraziniň edebi mirasy barada tanyşdyryş geçirdi. Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Hafez Şirazi Eýranyň gadymy medeni merkezleriniň birinde — Şiraz şäherinde doguldy. Onuň çuňňur filosofik many-mazmuna baý şygry ynsanperwerligi, belent duýgulary, ruhy azatlygy we umumyadamzat gymmatlyklaryny wasp edýär. Şahyryň eserleri dünýä medeniýetiniň altyn asyrynyň bir bölegine öwrüldi. Bütin dünýäde uly hormata eýe bolýar we edebiýatyň iň gowy nusgalary hökmünde çuňňur öwrenilýär.
Çäräniň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary we Medeniýet merkeziniň pars dili kurslarynyň talyplary beýik şahyryň gazallaryny okadylar, pars dilinde aýdymlar ýerine ýetirip, edebi, poetiki kompozisiýalar görkezildi.
Myhmanlar we talyplar institutyň girişinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýetine, edebiýatyna we görnükli şahsyýetlerine bagyşlanan tematiki sergi bilen tanyşdylar. Bu çäre iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky medeni we edebi gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna möhüm goşant goşdy.
Täçmahal ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby