553
«GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde ýaşlarymyzyň gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen, «Gyz gözelligi edebinde» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp gyz-gelinleri gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak we hormatlamak, pederlerimizden miras galan milliligimiz, däp-dessurlarymyz, şeýle-de ynsany bezeýän beýik adamkärçilik häsiýetleri dogrusynda çykyş edenler bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň sag bolsunlaryny aýtdylar.
Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI