07/04/2025
504
GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY AÇYK SAPAK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň – “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de Türkmenistanyň Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan
ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda göni wideoaragatnaşyk arkaly açyk sapak
geçirildi. Sapakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň
professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew
“Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasaty dünýä döwletleri üçin nusgalyk ýol-
ýörelgedir” atly tema bilen çykyş etdi. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen
açyk sapaga ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdylar.
Açyk sapagyň başynda alym Öwezdurdy Muhammetberdiýew häzirki
wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda
parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit hem-de ählumumy derejedäki
netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat
strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belledi. Alym öz çykyşynda
hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine
esaslanýan daşary syýasatda we diplomatiýada uzak möhletleýin milli
maksatnamalary amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi we bu
babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara hukuk,
söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň
diplomatik gullugyna uly talaplar bildirilýändigi barada aýdyp, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň dowamy hasaplanýan daşary
syýasy başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, deňhukuklylygy, hoşniýetli
hyzmatdaşlygy goldaýandygyny belläp geçdi.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI