13/03/2026
85
«GELSE NOWRUZ ÄLEME-REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY
2026-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ilkinji Zenanlar we ilkinji Ýaşlar guramalarynyň, “Miras” teleradioýaýlymy bilen bilelikde guramaklarynda zeminde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, täzelenişi we tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli «Gelse nowruz äleme-reň kylar jahan peýda» atly aýdym-sazly döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa institutyň zenan mugallymlary, şeýle-de aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyplary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler adamzadyň iň gadymy baýramy bolan Nowruz baýramynyň taryhy, aýratynlygy, onuň özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň etdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaralanýan günlerinde talyplar tebigatymyzyň gözelliginiň, ýaşlygyň ýarany bolan bahar paslynyň waspyny ýetirýän türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň miras galdyran ajaýyp goşgularyna döredilen aýdym - sazlary ýerine ýetirdiler hem-de joşgunly goşgulary okadylar.
Duşuşykda edilen gyzykly çykyşlar, ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.