90
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “HAKYDA GÖWHERI” ATLY KITABY BOÝUNÇA PREZENTASIÝA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagy tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby boýunça prezentasiýa bäsleşigi geçirildi. “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagynyň agzalarynyň hödürlän prezentasiýalarynyň arasyndan iň täsirlisi hökmünde üç sanysy saýlanyp alyndy. Saýlanan prezentasiýalar boýunça talyplar üstünlikli çykyş edip, ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň netijelerine görä, institutyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary Selim Saparow, Nurbibi Guljanowa we Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Bagtygül Amanmyradowa özleriniň ukyp-başarnyklary, temany saýlaýşy we ylmy garaýyşlary bilen saýlanmagy başardylar.
Aýläle RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI