Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Habarlar / GADYMY NUSAÝ GALASYNA GEZELENÇ
    GADYMY NUSAÝ GALASYNA GEZELENÇ
    GADYMY NUSAÝ GALASYNA GEZELENÇ
    15/10/2025

    863

    GADYMY NUSAÝ GALASYNA GEZELENÇ

    2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň ýanynda hereket edýän “Paýhas we parasat” gurnagynyň hem-de Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda “Nusaý” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna gezelençe gidildi.

    Gezelençde “Nusaý” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýörite wekilleriniň Parfiýa şalygynyň ilkinji paýtagty bolan “Mitridarkert” şäheri bolan Köne Nusaý galanyň taryhy ýadygärlikleri, özboluşly binagärçilik aýratynlyklary baradaky beren gürrüňleri has-da täsirli boldy. Goraghanada institutymyzyň mugallymlary hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Nusaý şäheriniň halklaryň söwda, diplomatik, medeni gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe bolandygy, Rim we Hytaý ýaly uly imperiýalaryň arasynda ýerleşen gadymy Parfiýa ýurdunyň Günbatar bilen Gündogar ýurtlarynyň özara gatnaşygyndaky möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Soňra taryhy ýerler bilen baglanyşykly özara sorag-jogap alşylmagy gezelenjiň täsirini has-da artdyrdy.

    Geçmişde ata-babalarymyz tarapyndan döredilen döwletleriniň arasynda ilkinji bitaraplyk syýasatyny ýöreden, ilkinji ilçi-diplomatik gatnaşyklary resmi esaslarda ýola goýan Parfiýa döwletidir. Ýagny, b.e. 107-nji ýylda ilkinji Hytaý ilçisi Parfiýa gelipdir we ony 20 müň atly bilen ugradypdyrlar. Gadymy Parfiýanyň goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary barada hytaý çeşmelerinde beýan edilýär. Dünýä taryhynda uly yz goýan Parfiýa patyşalygynyň ilkinji paýtagty bolan Nusaý şäherine baryp, bu gadymy ýadygärligi gözleriň bilen synlamak has-da ýatdan çykmajak pursatdyr.

    2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galalaryna syýahat “Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň işjeň agzalarynyň taryhy geçmişimiz baradaky düşünjeleriniň has-da baýlaşmagyna getirdi. Ýaş nesilleriň zehin-başarnygyny kämilleşdirmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.


    Rejepguly MAŞADOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri barada interaktiw dialog geçirildi surady

    10/03/2026

    Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri barada interaktiw dialog geçirildi
    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI. surady

    06/03/2026

    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI.
    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    04/03/2026

    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI