20/04/2026
15
“Energetika diplomatiýasynyň geosyýasy bähbitleri, nebit we gazyň dünýä ykdysadyýetindäki orny” atly okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Energetika diplomatiýasynyň geosyýasy bähbitleri, nebit we gazyň dünýä ykdysadyýetindäki orny” atly okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” ugrunyň talyplary gatnaşdylar.
Sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, f.y.k. B.Karaýew alyp bardy. Onuň dowamynda energetika diplomatiýasynyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýetirýän täsiri, dünýä bazarynda nebit we gazyň eksporty barada giňişleýin durlup geçildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplary aldylar. Diplomatiýanyň möhüm ugry bolan energetika boýunça yzygiderli okuw sapaklarynyň geçirilmegi talyplaryň bu ugurda bilimleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Şeýlelikde, energetika diplomatiýasyna bagyşlanan nobatdaky okuw sapagy hem örän täsirli geçdi.
Ylýas ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.