548
«Dürli bibliometrik görkezjiler» atly okuw-usuly maslahat
2025-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Dürli bibliometrik görkezjiler (hirşiň indeksi, impakt faktor we beýleki bibliometrik görkezijiler)» atly tema boýunça onlaýn okuw-usuly maslahat geçirildi. Maslahata sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem gatnaşdylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan guralan okuw-usuly maslahat Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda tassyklan «Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly halkara reýtingleriniň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň dowamynda halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmeleri (platformalar), olarda indekslenýän žurnallarda makalalary çap etmek, dürli bibliometrik görkezijiler bilen bagly düşünjeleri artdyrmak boýunça okuw-usuly maslahatlary geçirmegiň Tertibinden» gelip çykýan wezipelerinden ugur alyndy. Çünki, milli bilim ulgamyny halkara ülňüleriniň derejesine ýetirmek wezipesi ýurdumyzyň milli maksatnamasynyň merkezinde dur.
Şeýle okuw-usuly maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi mugallymlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmaga we bu ugurda ylmy üstünlikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmeklige ýardam berýär.
Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI