30/03/2026
111
“Döwrebap žurnalistikanyň esaslary” atly seminar geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda “Orient” habarlar agentliginiň esaslandyrylmagynyň 9 ýyllygy mynasybetli “Döwrebap žurnalistikanyň esaslary” atly seminar geçirildi. Seminara isleg bildirýänler, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Seminary agentligiň administratory Seýli Aryşow alyp bardy.
Seminarda döwrebap žurnalistikanyň esasy ýörelgeleri, maglumatlaryň hakykylygyny barlamak, çeşmeleri seljermek we maglumatlary okyjylara dogry ýetirmek barada meselelere seredildi.
Mähriban BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji yyl talyby.