23/04/2026
30
DIPLOMATIK SAZLAŞYK WE EDEBI MIRAS: “IŇLIS DILI GÜNI” DABARASY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dowam edýän “Diller – dostluk çemeni” atly dil hepdeliginiň çäginde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 23-nji aprel – Iňlis dili gününi we iňlis dramaturgy Williýam Şekspiriň doglan gününiň 462 ýyllygyny baýram etmek maksady bilen medeni-bilim çäresi geçirildi.
Çäräniň başy Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby M.Guzyçyýewanyň ýerine ýetirmeginde Şotlandiýanyň tebigatyny wasp edýän “My Heart’s in the Highlands” aýdymy bilen başlandy. Soňra talyp ýaşlar iňlis diliniň dünýä diplomatik gatnaşyklaryndaky orny, Beýik Britaniýanyň we ABŞ-nyň medeni-ykdysady durmuşy barada gyzykly çykyşlary hödürlediler. Şeýle-de dabarada W.Şekspiriň “Romeo we Julýetta” eserinden parçalar görkezildi we I ýyl talyp Artyk Begenjow “Ynsanyň ýedi döwri” (Seven Stages of Man) atly monology iňlis dilinde ussatlyk bilen ýerine ýetirip, diňleýjilere her bir ynsanyň jemgyýetde we diplomatiýada tutýan orny baradaky pelsepäni aýdyp berdi. Çäräniň dowamynda “Jeopardy” akyl-paýhas oýny guraldy we institutyň “Älem” tans toparynyň joşgunly çykyşy dabarany has-da bezedi. Iňlis, amerikan we iňlis dilinde geplenilýän ýurtlaryň medeniýeti, görnükli şahsyýetleri, taryhy geçmişi we häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygynda iňlis diliň eýeleýän orunlary barada giňden beýän edýän “Iňlis dili” burçy bu çärä aýratyn öwüşgin berdi. Gatnaşyjylar iňlis dilini halkara hyzmatdaşlygyň köprüsi hökmünde dabaralandyryp, geljekki diplomatlaryň dil başarnygyny we zehinini görkezdiler.
Medeni-bilim çäräniň ahyrynda talyplar şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirdiler.
Selbi NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
24/04/2026
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
24/04/2026
ONLAÝN USULY-OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI