22/04/2026
45
Dil hepdeliginiň çäklerinde arap diliniň güni bellenildi
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diller — dostluk çemeni» atly dil hepdeliginiň çäklerinde arap diliniň güni bellenildi.
Institutyň Dünýä dilleri kafedrasy tarapyndan guralan bu dabaraly çärede talyp ýaşlar arap diliniň aýratynlyklary, medeniýetiniň gözellikleri barada çykyşlary ýerine ýetirdiler. Onuň iň gadymy dilleriň biridigi, taryhyň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlaryna giňden ýaýranlygy we halkara gatnaşyklarynda, medeniýetde hem-de ylymda tutýan belent orny barada nygtaldy.
Talyplar ylmyň we bilimiň ynsan ömrüni ýagtylandyrýan egsilmez nurdugy barada pelsepewi goşgulary arap dilinde uly joşgun bilen okadylar. Şeýle hem dabarada arap, iňlis, rus we türkmen dillerinde ýaňlanan sabyr-takatlylyk, zähmetsöýerlik we ynam barada ganatly jümleler dostluk mukamy bolup ýaňlandy.
Medeni çäräniň dowamynda arap dünýäsiniň özboluşlylygyny beýan edýän täsirli aýdymlar ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda gyzykly sorag-jogap bäsleşigi talyplaryň arap ýurtlarynyň geografiýasy, milli lybaslary we özboluşly däp-dessurlary baradaky bilimlerini has-da kämilleşdirdi.
Şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagy geljekki halkaraçy hünärmenleriň dil bilimini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, dünýä halklarynyň arasynda dostluk we medeni gatnaşyklaryň has-da dabaralanmagyna uly goşant goşar.
Aýsona AMANJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/04/2026
“BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
22/04/2026
OKUW STUDIÝASYNA GEZELENÇ GURALDY